Möhüm çärä taýýarlyk

24 Iýul 2024
172

20-nji iýulda paýtagtymyzyň häkimliginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisi boldy. Onda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljek senesini kesgitlemek, degişli guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çykyşlarda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda öňde boljak möhüm çärä taýýarlyk işleri, oňa hemmetaraplaýyn, jogapkärçilikli çemeleşmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada aýdyldy.

«Arkadag».