Täzelikler

24 Iýul 2024
183

Halkyň çörek we çörek önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmakda «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Türkmenabat şäherindäki 1-nji çörek kärhanasynda netijeli işler alnyp barylýar.

Kärhanada şu ýylyň ýanwar—iýun aýlarynda çörek we çörek önümleriniň 5 müň 717 tonnasy öndürilip, ilata hödürlenildi. Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 13 million 145 müň 178 manatlyga deň boldy. Alty aýlyk iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edilip, 102 göterim ösüş gazanyldy. Kärhanada taýýarlanylýan çörek we aş önümleri bilen bir hatarda süýji-köke önümlerine-de islegler barha artýar.