Saçaklar nygmatly, ýaşaýyş eşretli

24 Iýul 2024
171

Ýer eýeleri hormatly Prezidentimiziň ilatyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin azyk bolçulygyny döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleri öz topragymyzda öndürmek babatda öňde goýýan jogapkärli wezipelerini durmuşa geçirmek ugrunda ýadawsyz alada edýärler. Bu il-ýurt bähbitli işde lebaply ussat babadaýhanlar işjeňlik we ýokary netijelilik görkezýärler. Olar üstümizdäki ýylyň geçen alty aýynda möhüm azyk önümlerini bolluk bilen öndürdiler.

Hasabat döwründe welaýatymyzda ähli hojalyklar boýunça gök önümleriň 53,3 müň tonnasy, azyklyk bakjanyň 15,3 müň tonnasy, miweleriň we ir-iýmişleriň 14,7 müň tonnasy, ýeralmanyň hem 79,5 müň tonnasy öndürildi. Bu önümleriň öndürilişiniň geçen ýylyň degişli döwrüne görä ep-esli artandygy bellenilmäge mynasypdyr. Has anyk aýdylanda bolsa, geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä, önüm öndürilişi gök önümler boýunça 12 göterim, azyklyk bakja boýunça 1,3 göterim, miweler, ir-iýmişler boýunça 1,4 göterim, ýeralma boýunça bolsa 7,4 göterim artdy. Şeýle oňyn görkezijiler ak bazarlarymyzyň we söwda merkezlerimiziň bu önümler bilen bolelin üpjün edilmegini şertlendirýär. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk pudagyny ileri tutup ösdürmäge, onuň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga, ene topragy işläp bejerýän adamlary giňden goldamaga gönükdirilen parasatly syýasatynyň dabaralanýandygyndan habar berýär.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
ýörite habarçymyz.