Beýik özgertmeleriň binýady

24 Iýul 2024
206

Şu günler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň çar künjeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna uludan taýýarlyk görülýär. Her ýyl şanly Garaşsyzlyk toýumyzyň öň ýanynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm taryhy wakadyr. Onda il-ýurt bähbitli beýik özgertmeleriň binýadynyň goýulmagy, möhüm wezipeleriň anyk kesgitlenilmegi halkymyzyň abadan we parahat durmuşyny üpjün etmäge, uly ykdysady ösüşleri gazanmaga ýardam edýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm çäräni guramaçylykly geçirmek hakynda kabul eden Karary ildeşlerimiziň giň goldawyna, uly seslenmesine eýe boldy. Şu mynasybetli häzirki günlerde welaýatymyzyň obadyr şäherlerinde iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň we ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşyklary guralyp, bu syýasy-jemgyýetçilik çäräni guramaçylykly geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň anyk ugurlary boýunça teklipler taýýarlanylýar. Maslahatyň barşynda edilýän çykyşlarda ata Watanymyzyň rowaçly ösüşleri, halkymyzyň abadan we parahat, bolelin we bagtyýar durmuşy, hormatly Prezidentimiziň ilhalar döwlet syýasaty, türkmen halkynyň Milli Lideriniň taryhy hyzmatlary baradaky ýürek buýsançlary öz beýanyny tapýar.

Haýrulla MAMEDOW,
welaýat kazyýetiniň iş dolandyryş bölüminiň müdiri.