Möhüm wezipeler kesgitlenildi

24 Iýul 2024
247

Ajaýyp zamanamyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni Watanymyzyň, halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen wakalara, tutumlara beslenýär. 20-nji iýulda paýtagtymyzyň häkimliginde bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisi hem şeýle wakalaryň biri boldy. Onda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljek senesini kesgitlemek, degişli guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda öňde boljak möhüm çärä taýýarlyk işleri, oňa hemmetaraplaýyn, jogapkärçilikli çemeleşmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň möhletleri kesgitlenildi. Şunda guramaçylyk işleriniň çäginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň ýurdumyzyň Mejlisi bilen bilelikde Halk Maslahatynyň gün tertibini we onuň mejlisini geçirmegiň deslapky maksatnamasynyň, gün tertibinde kesgitlenen meseleler boýunça resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamagynyň möhletleri anyklanyldy. Ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, halkyň arasynda uly abraýdan peýdalanýan ildeşlerimize döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak meselelerine-de garaldy. Şonuň bilen birlikde, bu möhüm çärä taýýarlyk görülýän döwürde Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada wagyz-nesihat duşuşyklaryny, maslahatlary guramak meýilleşdirilýär. Şunda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimliklerinde iş toparlaryny döretmek boýunça degişli işleri geçirmegiň wajypdygy nygtaldy we bu ugurda möhüm wezipeler kesgitlenildi.

«Balkan».