Ýaşlar üçin ýol-ýörelge

24 Iýul 2024
218

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda döwletimiziň has-da gülläp ösmegi, Watanymyzyň halkara giňişlikde at-abraýynyň belende göterilmegi ugrunda alnyp barylýan taryhy ähmiýetli işlere ýaşlarymyzyň işjeň gatnaşyp, öz mynasyp goşantlaryny goşmaklary halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrülen «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň uly taryhy ähmiýeti bar. Sebäbi ýaşlar biziň nurly geljegimizdir, ösüşlerimiziň batly gadamlarydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlara uly orun berilýär. Olar üçin ähli döwrebap şertler döredilýär. Ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri bizi guwandyrýar. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň öňümizde goýýan belent maksatlaryna ýetmek üçin ýaşlary hemmetaraplaýyn terbiýelemek, sagdyn durmuş endiklerini kemala getirmek, köpçülikleýin sporta, bedenterbiýä işjeň gatnaşdyrmak, täze zehinleri ýüze çykarmak, olaryň döredijilik ukyplaryny höweslendirmek, ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler sanardan köp. Hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödemegi başarýan ýaşlar döwlet, halkara derejede geçirilýän abraýly ýaryşlara, zehin bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, oňat netijeleri gazanmagy başarýarlar. Her gezek halkara ýaryşlardan ýokary derejeli sylag-serpaýly, altyndyr kümüş medally dolanyp gelýän ýaşlary synlanyňda, ýüregiň buýsançdan dolýar. Olara bu ýeňişleri gazanmakda döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynyň uly goldaw bolup durýandygyny nygtamak bolsa aýratyn ýakymlydyr.

Mahym ŞAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy.