Türkmeniň milli buýsanjy

24 Iýul 2024
167

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milletimiziň buýsanjy, egsilmez guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty has-da belende galýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen saýlama atlaryň baş sanyny artdyrmak, ahalteke bedewleriniň tohumlaryny köpeltmek babatynda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle diýýär: «Meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty müňýyllyklaryň dowamynda äleme dolup gelýär. Biziň şöhratly bedewlerimiziň dünýäniň atçylyk medeniýetiniň döremeginde uly goşandy bardyr. Şoňa görä-de, biz ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak we dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, milli atşynaslyk mekdebiniň gadymy däplerini gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça möhüm işleri mundan beýläk-de alyp bararys».

Ýurdumyzy dünýä tanadan ahalteke bedewi türkmeniň uçar ganaty, baýlygy hem buýsanjydyr. «Atym bar — ganatym bar», «At agynan ýerde toý bolar» ýaly nakyllardan olary döreden halkymyzyň bedew aty näderejede söýýändigini duýmak bolýar. Ata-babalarymyz bedewiň keşbine ruhy güýjüň, bagtyň alamaty hökmünde garaýar. Ösüşlere beslenýän zamanamyzda bedewlerimiziň gadyr-gymmatynyň ýokarlanmagynyň asyl manysynda halkymyzyň şol garaýşy jemlenendir.

Gyzlargül GURBANALYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bereket etrap geňeşiniň uly buhgalteri.