Muzeý gymmatlyklary — halkyň taryhynyň beýany

24 Iýul 2024
162

Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň, asylly däp-dessurlarymyzyň, ýörelgelerimiziň dünýä ýaýylmagynda, gadymyýetden habar berýän gymmatlyklarymyzyň aýawly saklanylmagynda we geljekki nesillere ýetirilmeginde muzeýlere aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň baý taryhy bolup, şöhratly wakalardan doludyr. Muzeý gymmatlyklarynda asyrlara ýaň salan şanly wakalar öz beýanyny tapýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe muzeý ulgamyny kämilleşdirmek babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Muzeýlere sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar. Muzeý eksponatlary bilen ýakyndan tanyş bolmak we olar barada maglumat almak üçin şertler döredilendir. Şu ýyl Arkadag şäherinde geçirilen Medeniýet hepdeligi bu ugurda alnyp barylýan işleriň bimöçberdiginiň subutnamasyna öwrüldi. Onuň dowamynda «Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri» atly iş maslahatynyň geçirilmegi, medeni çärä gatnaşyjylaryň ýörite sergi arkaly ýurdumyzyň welaýatlarynyň muzeýleriniň gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklar, amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen tanyş bolmaklary, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginiň golaýynda ýaşaýjylar tarapyndan tapylan gymmatly tapyndylary Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrmak dabarasynyň geçirilmegi täze taryhy eýýamda muzeý işine aýratyn üns berilýändigini aýdyň görkezdi.

Bahar ORAZDURDYÝEWA,
Gyzylarbat şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň baş gazna saklaýjysy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.