«Magtymguly» diýip adyň tutsalar

24 Iýul 2024
174

Täze taryhy döwrümiz beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň hormat-sarpasynyň has belende galýan zamanasydyr. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda Gündogaryň beýik akyldarynyň şahsyýetini, edebi mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak boýunça amala aşyrylýan işler, hakydalarda müdimilik ýer alan, ynsanperwerlige, watansöýüjilige çagyrýan goşgulary bilen dünýä edebiýatynyň hazynasyny has-da baýlaşdyran şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilmegi munuň subutnamasydyr. Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň gurulmagy, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň döredilmegi merdana halkymyzyň şygyrlary ynsan kalbynyň nagşyna öwrülen dana Pyraga näderejede hormat-sarpa goýýandygyny açyk-aýdyň görkezýär.

Dana şahyr dünýä gymmatlyklarynyň hatarynda mynasyp orun alan goşgularyny nesillere miras galdyrdy. Adamzat paýhasynyň genji-hazynasyna, asyrlaryň owazyna öwrülen ajaýyp şygyrlar, ynsanperwer pikir-garaýyşlar asyrlar geçse-de, nesiller aýlansa-da, ähmiýetini hem gymmatyny ýitirenok. Olar dünýä halklary tarapyndan söýlüp okalýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, «Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar».

Hojabibi ARAZDURDYÝEWA,
Balkanabat şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy, 1-nji derejeli ýurist.