Röwşen geljegi nazarlaýan ösüşler

16 Iýul 2024
254

Şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge, maliýe durnuklylygyny üpjün etmäge hem-de eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen alty aýynyň oňyn netijeleri diňe täze ösüşleri alamatlandyrman, eýsem, ýeneki möhüm wezipeleri hem öňde goýdy. Bu wezipeler ýyly üstünlikli jemlemek, geljek ýylda amala aşyryljak işleriň ygtybarly binýadyny goýmak ýaly asylly maksatlardan ugur alýar.

Türkmenistanda syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda uly üstünlikleriň gazanylýandygy bu gün hemmä aýan. Amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalar we iri maýa goýum taslamalary ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, nyrhlaryň durnuklylygyny saklamaga, öňdebaryjy pudaklary häzirki zaman ýokary tehnologiýalary bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Hökümetiň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlardan görnüşi ýaly, bu çäreler şu ýylyň birinji ýarymynda ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberini 20,8 göterim artdyrmaga ýardam etdi. Ösüş üçin döredilýän oňyn şertler, şol sanda halkara söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy döwletimiziň kuwwatyny artdyrýar.

Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».