Milli Liderimiziň eserleri — jemgyýeti öwreniş ylymlarynyň ilkinji çeşmesi

16 Iýul 2024
244

Milletiň asyl gymmatlyklary ýaşaýşyň ýörelgeleri hökmünde täze döwrüň durmuş filosofiýasyny kemala getirýär. Şol filosofiýa jemgyýetiň täzelenýän döwründe milli mirasy özleşdirmegiň ygtybarly guralydyr. Gahryman Arkadagymyz: «Men durmuşyň manysy barada söz açanymda, ony adamzadyň öz geljegine galdyrjak gymmatlyklary bilen bilelikde göz öňüne getirýärin» diýip, adamyň ýaşaýşynyň manysynyň onuň öz durmuşynda bitiren işlerindedigine ünsi çekýär. Milli Liderimiziň ylmy-filosofik eserlerinde adamyň kämil derejä çykmagy, öz bitiren işleri bilen ýaşaýan jemgyýetini, dünýäni gözelleşdirmegi, adamlar bilen düşünişip, haýyr işleri edip, ylalaşykly ýaşamagy baradaky pähim-paýhaslar jemlenendir.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow baý durmuş we syýasy tejribä eýe bolup, öz pikirlerini aýdyň, düşnükli beýan edip bilýän syýasy Liderdir. Milli Liderimiziň ýazan kitaplary, ylmy-filosofik eserleri çuňňur mana eýe bolup, okyjylar üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Alym Arkadagymyz öz eserleriniň üsti bilen ýurduň ösüş ýoluny kesgitläp, adamlarda geljege bolan ynamy has-da berkidýär. Şol eserler geljekki hünärmenleriň ynsanperwer taýýarlygyny Türkmenistanda bolup geçýän şu günki özgerişlikler bilen baglanyşyklylykda kesgitläp, olarda beýan edilen pähim-paýhasa jemgyýetçilik ylymlaryny öwrenmegiň wajyp serişdesi hökmünde garamaga esas döredýär. Bu eserlerde ýokary okuw mekdeplerinde okadylýan jemgyýeti öwreniş ugurly dersler üçin esas goýujy pähim-paýhas bardyr. Şu ýerde Milli Liderimiziň ylmy-filosofik kitaplarynda öňe sürlen, jemgyýetçilik ylymlarynyň döwrebap derejä galmagyna esas döredýän başlangyçlary açyp görkezmäge synanyşalyň!

Nurýagdy SUWHANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory.