Ak arzuwlaryň mekany

13 Iýul 2024
333

Häzir ýurdumyzda dürli maksatly täze binalaryň köp sanlysy gurulýar, ilatly nokatlaryň, şäherleriň çäkleri giňeldilýär. Täze obalardyr şäherçeler gurulýar. Gysga wagtda tarpdan gurlup, döwre mahsus aýratynlyklary we alamatlary bilen tapawutlanýan täze şäheri görmek örän seýrek duş gelýän ýagdaýdyr. Arkadag şäheri Türkmenistanyň, diýmek, dünýäniň hem kartasynda örän gysga wagtyň içinde peýda boldy. Munuň özi milli şähergurluşykda görlüp-eşidilmedik wakadyr, düýpgöter täze sepgitdir!

Şu ýylyň aprel aýynyň başynda türkmen topragy ýaz gözelligine beslenende, Arkadag şäherinde gezim etmäge çykdym. Şol gün howa örän ýakymlydy. Kiçiräk ak bulutlar gök asmanda erkana ýüzýärdi, adaja şemal ýüzüňi sypap geçýärdi. Köpetdag şaýoly Köpetdagy gapdallap uzap gidýär we bu görkana şähere eltýär. Dag eteklerinden bu mekan örän owadan we köpöwüşginli görünýär.

Atamämmet MURRYÝEW.
Aşgabat şäheri.