Hünär derejeleri ýokarlandyrylýar

13 Iýul 2024
369

Awiasiýa pudagynda edilýän hyzmatlaryň hilini ýokary derejede saklamak, ýolagçylaryň, daşalýan ýükleriň, howa ulagynyň infrastrukturasynyň desgalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek, işgärleriň hünär kämilligini ýokarlandyrmak ösüşleri gazanmagyň möhüm şertleri bolup hyzmat edýär.

«Türkmenhowaýollary» agentligi hem öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna we Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça kadalaryna, tejribelerine we iş amallaryna laýyklykda guraýar. Şunuň bilen baglylykda, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Ýakynda hem «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary geçirildi.

(Ýörite habarçymyz).