Arkadag şäherinde ajap geljek gurulýar

12 Iýul 2024
337

Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň öňüsyrasynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz şäheriň ikinji tapgyrynda binalary we desgalary gurmak hakynda taryhy Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan «Ulgam gurluşyk», «Kent gurluşyk», «Türkmen bina gurluşyk», «Ajaýyp bina», «Döwlet gurluşyk», «Kerwen gurluşyk» hojalyk jemgyýetleridir «Gurat gurluşyk», «Mukaddes gün», «Ýakynkent», «Aga gurluşyk» hususy kärhanalaryna ynanyldy.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen telekeçileri «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp bina edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň düýpli gurluşyklaryna işjeň gatnaşdylar. Türkmen işewürleriniň tutanýerli zähmeti bilen gurlup, bu günki gün «ýaşlaryň, ýaşlygyň, geljegiň şäheri» diýlip tanalýan Arkadag şäheriniň at-owazasy bütin dünýä ýaýraýar. Milli Liderimiziň paýhasyndan dörän ajaýyp şäherde ýaşamak, işlemek, okamak, döretmek üçin ähli amatlyklar we şertler bar. Häzirki zaman innowasion şähergurluşyk taslamasynyň gysga wagtda we ýokary hilli durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ulgam gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň hem mynasyp zähmet paýy bar. Hojalyk jemgyýetiniň baş direktory bilen gürrüňdeş bolanymyzda, bu barada şeýle gürrüň berdi:

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan». Suratlarda: Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary.