Dänewli küştçüler Türkiýede türgenleşýär

11 Iýul 2024
190

Dänewli uýalar Lala we Leýla Şöhradowalar şu günler Türkmenistanyň küşt boýunça milli ýygyndysynyň hatarynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşýarlar. Şu gün tamamlanýan ýygnanyşyk türkmen küştçüleri üçin şu ýylyň sentýabr aýynda Wengriýada geçiriljek Bütindünýä küşt olimpiadasyna taýýarlygyň bir tapgyry bolar.

Türkmen küştçüleriniň şu gezekki ýygnanyşygy halkara derejeli sport ussatlarynyň, tejribeli tälimçileriň hem ünsüni özüne çekdi. Şeýle bolansoň, olara dünýäniň bir, Bütindünýä küşt olimpiadasynyň bolsa dört gezek çempiony Wasiliý Iwançuk, türkiýeli halkara derejeli grossmeýster Okan Özsakally dagy hem ýardam berdiler. Bu ýerde Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň hatarynda aşgabatly türgen Merýem Agajanowa hem türgenleşýär.