«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024
Mälim bolşy ýaly, şu günlerde üstümizdäki ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek tomusky XXXIII Olimpiýa we XVII Paralimpiýa oýunlaryna sportuň kesgitlenen görnüşleri boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň taýýarlyklary ýokary derejede dowam edýär. Milli ýygyndy toparlarymyzyň türgenleri ýurdumyzyň çäginde, şeýle hem dostlukly ýurtlarda geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna, halkara ýaryşlara, dünýä çempionatlaryna gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezdiler.