Milli sportumyzyň ösüşli ýoly

5 Iýul 2024
274

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy giň gerimli dabaralar bilen bellenilip geçiljek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda geçen şol şöhratly ýyllaryň dowamynda ähli ugurlarda gazanylan ägirt uly ösüşler dünýä jemgyýetçiliginiň hem ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Ösüşler, ýetilen belent sepgitler hakynda söhbet edilende bolsa, elbetde, ýurdumyzda sport ulgamynda amala aşyrylan nusgalyk işler barada hem buýsanç bilen bellenilip geçilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary, taryhy tutumlary, giň gerimli özgertmeleri netijesinde milli sportumyzy ösdürmegiň, onuň halkara derejede ykrar edilmegini gazanmagyň düýp binýadynyň goýlandygy hemmämize mälim hakykatdyr. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, durmuşa geçiren ägirt uly işleri esasynda eziz Diýarymyzyň dünýäde sport ýurdy diýlip ykrar edilmegini bolsa Garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň ajaýyp üstünlikleriň biri hökmünde buýsanç bilen görkezmek bolar. Türkmenistanda sanlyja ýyllaryň içinde gurlan dürli sport desgalary Diýarymyzyň obalarynyň, şäherçeleriniň, şäherleriniň bezegine öwrülip, olar ilatyň saglygyny berkitmegiň, sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni rowaçlandyrmagyň, ýokary netijeli sporty ösdürmegiň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Watanymyzda halkara we dünýä derejesindäki iri sport ýaryşlarynyň nusgalyk derejede geçirilmegi bolsa ýurdumyzyň Ýer ýüzündäki abraýyna abraý, şöhratyna şöhrat goşdy.

«Türkmen sporty».