Zeminde ajaýyp şäher, asmanda ýyldyz – ARKADAG

5 Iýul 2024
293

«Geljegiň şäheri adyny alan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyýarlylygynyň, ykdysady kuwwatynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň, durmuş ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr». Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu dürdäne jümleleri dünýäde uly ykrarnama eýe bolan ajaýyp hakykatyň beýanydyr. Mundan bir hepde ozal dabaraly açylmagynyň bir ýyllygy şatlyk-şowhunly çäreler bilen giňden bellenilip geçilen Arkadag şäheri bagtyň, bagtyýarlygyň, ýaşlygyň şäheri hökmünde göreniň kalbyny buýsanja besläp, göwün guşuny al-asmana göterýär.

Bilşimiz ýaly, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan sebitdäki ilkinji «akylly» şäheri döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyza degişlidir. Milli Liderimiz hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň aýdyň netijesi bolup durýan bu şäher häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny we özboluşly binagärlik çözgütlerini, dünýäniň iň döwrebap tejribesini özünde jemleýändigi bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda bu ajaýyp şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy boýunça işler dowam etdirilip, onuň çäginde, esasan, senagat desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Halkyň bagtyýar, sagdyn, eşretli durmuşyny üpjün etmekde ýurdumyzda giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygynyň anyk mysaly bolup durýan Arkadag şäheriniň ekologiýa taýdan iň arassa şäherleriň biri hökmünde hem uly ykrarnamanyň eýesidigini bellemek aýratyn ýakymlydyr.

Gözel PIRMUHAMMEDOWA,
Halkara ysnanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.