Köňül buýsanjymyz bedew

5 Iýul 2024
210

Merdana türkmen halkynyň geçmişini, şu gününi, geljegini ýelden ýyndam ahalteke bedewlersiz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Taryhyň dowamynda we häzirki döwürde halkymyzyň durmuşynda ahalteke bedewlerine möhüm orun degişlidir. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşy gymmatlygy hasaplanylýan ahalteke bedewleri Ýer ýüzüniň iň gadymy atlarynyň biri bolmak bilen, ol milli mirasymyzdyr, köňül buýsanjymyzdyr» diýip tarypyny ýetirýän behişdi bedewlerimize goýulýan hormat-sarpa, olaryň gadyr-gymmaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da artdy. Her ýylda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dünýä ýaň salýan dabaralar bilen bellenilip geçilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ahalteke atlarynyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň gözelligine, ýyndamlygyna Ýer ýüzünde taý tapylmaýan behişdi bedewlerimize söýgi-buýsanjynyň nusgalykdygyna ýakynda bolup geçen şanly wakanyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň – atyňy» diýen paýhasa eýerip, toplumda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy.

«Türkmen sporty».