«Nebitçiniň» nobatdaky üstünligi

5 Iýul 2024
199

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19 — 28-nji iýuny aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň sport toplumynda woleýbol boýunça ýaryş geçirildi.

Oňa şu uniwersitetiň «Nebitçi», Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň «Migrasiýa», Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Gala», Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun», Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Maliýeçi», Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Galkynyş», Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň «Ýüpek ýoly» hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sport» toparlary gatnaşdylar.

Ýörite habarçymyz.