Bedenterbiýe we sport

5 Iýul 2024
247

Tagtabazar etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň sport mekdeplerinde ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek, olaryň bedenterbiýä hem-de sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen guralýan ýaryşlar yzygiderliligi bilen tapawutlanyp, olara ýaşlar uly ruhubelentlikde gatnaşýarlar. Tälimçi-mugallymlar sportuň dürli görnüşleri boýunça ýokary derejede türgenleşik işlerini geçirýärler. Bu bolsa ýaşlaryň saýlap alan ugrunda barha kämilleşmegini şertlendirýär. Türkmen sportuny dünýä ýaýmakda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.

Güljan ÝAGŞYMYRADOWA,