«Mil­li bi­le­le­şik» öň­de bar­ýar

5 Iýul 2024
175

30-njy iýun­da Fran­si­ýa­da no­bat­dan da­şa­ry par­la­ment saý­law­la­ry­nyň bi­rin­ji tap­gy­ry ge­çi­ril­di. Saý­law­lar­da Ma­rin Le Pe­niň we Žor­da­n Bar­del­la­nyň «Mil­li bi­le­le­şik» par­ti­ýa­sy 33 gö­te­rim­den gow­rak ses alyp, bi­rin­ji tap­gyr­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Ikin­ji or­ny 28 gö­te­rim­den gow­rak se­s bilen «Tä­ze halk fron­ty» bi­le­le­şi­gi eýe­le­ýär. Pre­zi­den­tiň «Res­pub­li­ka üçin bi­le­lik­de» bi­le­le­şi­gi 22 gö­te­rim­den gow­rak ses alyp, üçün­ji or­ny eýe­le­di. Ses be­riş­li­giň bi­rin­ji tap­gy­ry­na gat­na­şyk ýo­ka­ry de­re­je­de bo­lup, saý­law­çy­la­ryň 67 gö­te­ri­mi saý­law uças­tok­la­ry­na gel­di­ler. Fran­suz met­bu­ga­ty­nyň bel­leý­şi ýa­ly, bu soň­ky on­ýyl­lyk­da iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­riň bi­ri­dir.

«Mil­li bi­le­le­şi­giň» ýol­baş­çy­la­ry saý­law­la­ryň ikin­ji tap­gy­ry­nyň ne­ti­je­le­rin­den soň fran­suz par­la­men­ti­niň aşa­ky pa­la­ta­syn­da ab­sal­ýut köp­lü­ge eýe bol­ma­ga bil bag­la­ýar­lar. Bu ýag­daý bol­sa, par­ti­ýa­nyň baş­ly­gy Žor­dan Bar­del­la­nyň Prem­ýer-mi­nistr we­zi­pe­si­ni eýe­le­me­gi­ne müm­kin­çi­lik dö­re­der.