Äleme nur «Arkadag»!

3 Iýul 2024
208

Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan asman giňişliginde ýüze çykarylan ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň goýulmagy, bu asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle-de teleskopyň we onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy juda buýsandyryjydyr.

Älem giňişliginde ýerleşýän ähli ýyldyzlar 88 sany ýyldyzlar toparlaryna bölünýär. Ol ýyldyzlar toparlarynyň ählisiniň gadymdan gelýän hususy atlary bar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hormatyna ady dakylan täze «Arkadag» ýyldyzy Pegas ýyldyzlar toparyna degişlidir. Pegas ýyldyzlar topary asman döwresiniň demirgazyk ýarymynda asman ekwatorynyň golaýynda ýerleşýär. Ol Andromeda ýyldyzlar toparynyň günorta-günbatarynda ýerleşip, onuň tutýan meýdany 1121 inedördül-gradusa deňdir. Pegas ýyldyzlar toparynyň hiç hili guralsyz, ýönekeý göz bilen gözegçilik edilende görüp bolýan ýyldyzlarynyň sany 160 töweregidir. Şol ýyldyzlar toparynyň düzümine girýän has ýagty ýyldyzlaryň hususy atlary hem bardyr. Olara Alferes, Algeniw, Biham, Enif, Marhab we beýlekiler degişlidir.

Muhammetdurdy ANNAMANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy, fizika, matematika ylymlarynyň kandidaty.