Türkmenistan — Gazagystan: taryhy köklere daýanýan geljegi uly hyzmatdaşlyk

3 Iýul 2024
185

Aslynda, döwletara gatnaşyklaryň netijeliligine ser salnanda ýyllar ýa-da onýyllyklar o diýen bir uzak möhlet däl. Türkmen-gazak gatnaşyklarynyň soňky 15 ýyllykdaky ösüş depginine seredeniňde, gysga wagtda örän uly taslamalaryň durmuşa geçirilip, birnäçe möhüm ähmiýetli ylalaşyklaryň gazanylandygyna göz ýetirmek mümkin. Olaryň hatarynda Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisini, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluny, 2018-nji ýylda Gazagystanyň Aktau şäherinde kabul edilen Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýany görkezmek bolar.

1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýlan Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwlet başyna gelmegi bilen täze derejä göterildi. Bu asylly ýörelge Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan hem mynasyp dowam etdirilýär.

Mätgurban MÄTGURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.