Baýramçylykda bagtyň açary!

3 Iýul 2024
252

29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli şäherde dabaraly çäreler geçirildi.

Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreleriň çäginde Arkadag şäherinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriniň açarlaryny alan ýaşaýjylar jaý toýlaryny tutdular. Täze jaýyň açarlaryny alan bagtyýar ildeşlerimiz şanly günde şeýle bagta ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyň abadançylygy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler we alkyş sözlerini aýtdylar.