Işiňiz ileri bolsun!

3 Iýul 2024
305

Golaýda Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen gol çeken Karary mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda sebitde ilkinji bolup gurlan «akylly» şäheriň at-abraýynyň barha belende galýandygyny, ýakynda bir ýyllygy bellenilen juwan şäheriň ikinji tapgyrynda hem gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelmegi üçin türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişe üns-goldaw berýändiklerini nygtadylar. Arkadag şäherinde demir ýol menziliniň, awtomobil menziliniň hem-de awtotoplumyň we bellige alyş nokadynyň, seýsmik yrgyldylaryň anyk hasaplamasyny üpjün edýän seýsmik stansiýanyň, söwda we hyzmat ediş toplumynyň, iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy barada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çeken Karary aýdylanlaryň subutydyr. Bu işleriň ählisi halkymyzyň abadan we bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilendir. Bellenilişi ýaly, gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň iýun aýynda başlanyp, 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga berler.

Nowruz ÝEGENMYRADOW.
«Arkadag».