Dünýä çempionatyndan dünýä çempionlygy bilen

7 Iýun 2024
376

Ýakynda Indoneziýanyň Jakarta şäherinde kýokuşinkaý karate boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Ýaryşda türkmenistanly karateçileriň ikisi öz agram derejesinde dünýäniň çempiony bolmagy başaran bolsa, ýene iki türgenimiz hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.

Çempionat Ýer ýüzüniň 13 döwletinden 340 türgeni özünde jemledi. Şolaryň 8-si türkmen karateçileridir. Ildeşlerimiz erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky ýaryşlaryň hersinden bir altyn medal gazandylar. Erkekleriň arasynda 65 kilograma çenli agram derejesindäki tutluşyklarda üstümizdäki ýylda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan uçurym boljak Daýanç Gylyçdurdyýewe taý tapylmady. 65 kilogramdan ýokary agram derejesinde zenanlaryň arasyndaky ýaryşda Türkmenistanyň Milli kiokuşinkaý karate merkeziniň tälimçi-mugallymy Ogulbagt Gurbanowa hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».