AFK Çempionlar Ligasynda BAE-niň «Al-Ain» topary ýeňiji boldy. Finalyň jogap duşuşygynda öz meýdançasynda Ýaponiýanyň «Ýokohama F. Marinos» toparyny 5–1 hasabynda ýeňen «Al-Ain» topary 19 ýyldan soň bu arzyly kubogy 2-nji gezek asmana göterdi. Myhmançylykda 2–1 hasabynda ýeňlen «Al-Ain» toparyna jogap duşuşygynda uly hasaply ýeňiş getiren gollary Rahimi (8, 67), Kaku (33 p) hem-de Laba (90+1, 90+5) geçirdi. Ýaponlaryň ýeke-täk goluny bolsa 40-njy minutda Ýan Mateus derwezä girizdi. Duşuşygyň 45+10-njy minutynda ýapon toparynyň derwezeçisi William Popp gyzyl kart aldy. Şunlukda, 2 oýnuň netijesi boýunça 6–3 hasabynda ýeňiş gazanan «Al-Ain» topary 2003-nji ýyldan soň 3-nji gezek AFK Çempionlar Ligasynyň çempiony bolmagy başardy. Argentinaly Hernan Kresponyň tälim berýän topary bu kubogy 2-nji gezek gazanan 14-nji klub hökmünde bellige alyndy.
Ýapon kluby «Ýokohama F. Marinos» topary-da 34 ýyldan soň çykan 2-nji finalynda-da kubogy gazanyp bilmedi. Ol kubogy gazanyp bilmedik toparlaryň arasynda 2 gezek finalda asgyn gelen 4-nji topardyr.