Peruwda gazanylan medallar

29 Maý 2024
482

22 — 26-njy maý aralygynda Peruwyň paýtagty Lima şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionaty geçirildi. Ýaryşa dünýäniň 50 ýurdundan 280 türgen gatnaşdy.

Ýaryşda 102 kilograma çenli agramda çykyş eden ildeşimiz Süleýman Jafarow ýetginjekleriň arasynda dünýäniň çempiony boldy. Zehinli türgen ştangany silterläp götermekde 143 kilogram agyrlygy boýun egdirip, altyn medal gazandy. Itekläp götermek boýunça görkezen 170 kilogramlyk netijesi bolsa türkmen türgenine bürünç medal getirdi. Iki görnüşiň jemi boýunça 313 kilogram (143+170) netije gazanan ildeşimiz umumy hasapda hem altyn medala mynasyp bolmagy başardy. Ýaş türgen häzirki wagtda Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň baş tälimçisi Ahmet Saryýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşik geçýär.

Allanur ÇARYÝEW.
«Türkmenistan».