Ýaş pälwanlarymyzyň üstünlikleri

27 Maý 2024
452

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini, sporty ösdürmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bedenterbiýäniň we sportuň rowaçlanmagy, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşamaklary üçin ýurdumyzyň ähli etrapdyr şäherlerinde giň mümkinçilikler döredilýär. Türgenlerimiz gerekli sport enjamlary bilen üpjün edilen sport toplumlarydyr mekdeplerde dürli sport ýaryşlaryna taýýarlyk, türgenleşik  işlerini geçýärler.

Çagalar we ýetginjekler sport mekdebimizde mekdep okuwçylarynyň okuwdan boş wagtlary bedenterbiýäniň we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary, olaryň geljekde ýurdumyzyň sport abraýyny belende galdyrjak türgenler bolup ýetişmekleri üçin okuw-türgenleşik işleri talabalaýyk guralýar. Bu ýerde ýokary derejeli, sport ussady, sport ussatlygyna dalaşgär bolan tälimçileriň birnäçesi zähmet çekýär. Sport mekdebinde ýaşlar sportuň türkmen milli göreşi, futbol, woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, futzal görnüşleri bilen meşgullanýarlar.

Baýrammät GELDIÝEW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň direktorynyň orunbasary.