Tälimçiler täzelenýär

27 Maý 2024
388

Geçen hepde Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň esasy toparlarynyň birnäçesi baş tälimçilerini işden boşatdy. Hususan-da, «Ýuwentus» Allegriniň, «Barselona» Hawiniň, «Milan» Pioliniň, «Çelsi» bolsa Poçettinonyň öz wezipesinden gidýändigini mälim etdi. Galyberse-de, «Bawariýanyň» Tomas Tuhel bilen, «Liwerpulyň» bolsa Ýurgen Klopp bilen hoşlaşjakdygy möwsümiň ortalarynda belli bolupdy. Tälimçisi bilen hoşlaşan top klublaryň sanawyna ýakyn wagtda «Mançester Ýunaýtediň» hem goşulmagyna garaşylýar.

Şeýlelikde, häzirki wagtda bu toparlaryň haýsyna kimiň baş tälimçi boljakdygy baradaky habarlar hemmeleri gyzyklandyrýar. Ýewropa metbugaty «Barselona» geljek möwsümde Hans-Dýuter Flikiň (häzirki wagtda işsiz), «Ýuwentusa» Týago Mottanyň (häzirki wagtda «Bolonýanyň» tälimçisi), «Çelsä» Kiran Makkenanyň (häzirki wagtda «Ipsiwiçiň» baş tälimçisi), «Bawariýa» Wensan Kompaniniň (häzirki wagtda «Býörnliniň» baş tälimçisi), «Milana» Paulu Fonsekanyň (häzirki wagtda «Lill» toparynyň baş tälimçisi), «Mançester Ýunaýtede» Maurisýo Poçettinonyň ýa-da Tomas Tuheliň (ikisi hem işsiz) tälim berjekdigi barada ýazýar.

Taýýarlan: Rejep DAWRANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.