Futzal boýunça welaýatymyzyň birinjiligi

20 Maý 2024
613

Arkadag şäheriniň köpugurly sport toplumynda sportuň futzal görnüşi boýunça 2009 — 2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Ahal welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de Arkadag şäheriniň bedenterbiýe we sport müdirliginiň bilelikde guramagynda geçen ýaryşa toparlaryň bäşisi gatnaşdy.

Ýaryşyň finalynda Ahal welaýatynyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň we Ak bugdaý etrabynyň topary duşuşdylar. Bu aýgytlaýjy duşuşyk çekeleşikli geçip, güýçli topary öňe saýlady. Şeýlelikde onda Ahal welaýatynyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internaty üstün çykdy hem-de birinji orny eýeledi. Ikinji orna Ak bugdaý etrabynyň, üçünji orna Kaka etrabynyň toparlary mynasyp boldy. Ýeňiji bolan toparlar Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hormat hatlary we medallary bilen sylaglandylar.

Mämmet AGABAÝEW,
Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň sport bölüminiň esasy hünärmeni.