Usik taryha girdi

19 Maý 2024
288

18-nji maýda Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen «Ring of Fire» söweş agşamynyň esasy tutluşygynda britaniýaly boksçy Taýson Fýuri ukrainaly Aleksandr Usik bilen duşuşdy. Bu söweşiň ähmiýetli tarapy onuň agyr agramda ýeke-täk (absolýut) çempiony kesgitländigidir. Çünki tutluşykdan ozal, Taýson Fýuri bu agramda «WBC» çempionlyk guşagyna, Aleksandr Usik bolsa «WBA», «IBF», «WBO» we «IBO» çempionlyk guşaklaryna eýelik edýärdi.

Doly 12 raund dowam eden söweş ukrainaly Aleksandr Usigiň emin agzalarynyň tapawutly karary netijesinde ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Şeýlelikde, ol XXI asyrda agyr agramda ähli çempion guşaklaryny özünde jemläp, ýeke-täk (absolýut) çempiona öwrülen ilkinji türgen hökmünde taryha girdi. Ol professional karýerasynyň dowamynda 22 söweş geçirip, olaryň ählisinde ýeňiş gazandy.

Taýýarlan: Döwran BEGGYLYJOW, TDBGI-niň talyby.