«Ba­ýer» 59 ýyl­lyk re­kor­dy tä­ze­läp, fi­na­la çyk­dy

17 Maý 2024
383

UEFA Ýew­ro­pa Li­ga­syn­da möw­sü­miň su­per to­pa­ry «Ba­ýer» özü­niň ýeň­liş­siz ýö­ri­şi­niň üs­tü­ni fi­nal hem-de ta­ry­hy re­kor­dy tä­ze­le­mek bi­len ýe­tir­di. «Ro­ma­ny» Rim­de 2–0 ha­sap bi­len ýe­ňen «Ba­ýer» jo­gap du­şu­şy­gy­na kä­bir ýyl­dyz­la­ry­ny esa­sy dü­züm­de meýdança çykarmady. Le­wer­ku­zen­dä­ki du­şu­şyk­da ital­ýan klu­by Leand­ro Pa­ra­de­siň 43-nji we 66-njy mi­nut­lar­da pe­nal­ti ur­gu­la­ryn­dan ge­çi­ren gol­la­ry umu­my ha­sa­by deň­le­di. Ýö­ne «Ba­ýer» to­pa­ry­nyň şu möw­süm­de öz­bo­luş­ly ýö­rel­ge­si bo­lup, to­par soň­ky jür­le­wü­ge çen­li gö­re­şi­ni ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam et­dir­ýän­di­gi bi­len meş­hur­lyk ga­zan­dy. Bu oýun­da-da şol ýö­rel­gä eýe­ren le­wer­ku­zen­li­ler 82-nji mi­nut­da rim­li­ler üçin çär­ýek fi­na­lyň gah­ry­ma­ny Man­çi­ni­niň aw­to­go­ly bi­len ara­ta­pa­wu­dy 1 go­la dü­şür­di. 90-njy mi­nut­da oý­na gi­ren Sta­ni­şiç 7 mi­nut­dan soň to­pa­ry­ny ýeň­liş­den ha­las eden go­ly der­we­zä gi­riz­di we du­şu­şyk 2-2 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­lan­dy. Şun­luk­da, ge­çen ýy­lyň maý aýyn­dan bä­ri ýe­ňil­män gel­ýän «Ba­ýe­riň» ýeň­liş­siz­lik se­ri­ýa­sy 49 oý­na ýet­di. Bu bol­sa 59 ýyl­lyk re­kor­dyň tä­ze­len­me­gi diý­mek­dir. Por­tu­ga­li­ýa­nyň «Ben­fi­ka» to­pa­ry 1963-nji ýy­lyň de­kab­ry bi­len 1965-nji ýy­lyň few­ra­ly ara­ly­gyn­da yz­ly-yzy­na 48 oýun­da ýe­ňil­män­di. «Ba­ýer» to­pa­ry UEFA-nyň 2-nji de­re­je­li ýa­ry­şyn­da 2-nji ge­zek fi­na­la çy­kyp, olar 1987/88 möw­sü­min­de bu ku­bo­gy eýe­läp­di. Şol ýyl fi­nal­da «Es­pan­ýol» bi­len du­şu­şyp, myh­man­çy­lyk­da 3–0 utu­lan le­wer­ku­zen­li­ler öz meý­dan­ça­syn­da-da 3–0 ha­sap bi­len ýe­ňip­di. Pe­nal­ti­le­riň ne­ti­je­sin­de-de üs­tün çy­kan «Ba­ýer» UEFA-da­ky hä­zir­lik­çe ýe­ke-täk çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nyp­dy.

«Ba­ýe­riň» fi­nal­da­ky gar­şy­da­şy Ita­li­ýa­nyň «Ata­lan­ta» to­pa­ry bol­dy. Ital­ýan klu­by öz meý­dan­ça­syn­da «Mar­se­li» 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 1-nji oýun­da 1–1 deň­me-deň oý­nan «Ata­lan­ta» to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Luk­man (30), Rug­ge­ri (52) hem-de Tu­re (90+5) ge­çir­di. «Ata­lan­ta» to­pa­ry ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek Ýew­ro­ku­bok­lar­da fi­nala çyk­dy.