Şanly senä bagyşlanan ýaryş

16 Maý 2024
413

Sarahs etrabynyň sport mekdebinde etrapdaky orta mekdepleriň 14-15 ýaşly okuwçylarynyň arasynda şaşka ýaryşy geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölümi hem-de Sarahs etrap bilim bölümi tarapyndan guralan ýaryşa dürli mekdeplerden okuwçy ýaşlar höwes bilen gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi dabaralandyrmak, okuwçy ýaşlaryň sport ussatlygyny ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryş örän gyzykly boldy. Onuň netijesinde etrapdaky 1-nji orta mekdebiň okuwçylary birinji, ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň topary ikinji, 19-njy orta mekdebiň topary üçünji orny eýeledi. Şaşka ýaryşynyň ýeňijilerine “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlary gowşuryldy.

Maral JUMADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Sarahs etrap komitetiniň hünärmeni.