Sport sagdynlygyň gözbaşydyr

15 Maý 2024
429

Sagdyn durmuş ýörelgelerini dabaralandyrmak, sagdynlygyň we ruhubelentligiň çeşmesi bolan sportuň we bedenterbiýäniň meşhurlygyny artdyrmak maksady bilen, Şabat etrabyndaky 1-nji sport mekdebinde etrabyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň arasynda sportuň göreş, küşt, düzzüm, stoluň üstünde oýnalýan tennis we woleýbol görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşa etrabyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň toparlary gatnaşdylar.

Geçirilen ýaryşlarda türkmen göreşi boýunça öz agram derejeleri babatda etrapdaky 27-nji orta mekdebiň mugallymy Gaýypnazar Berdiýew, 23-nji orta mekdebiň mugallymy Hamid Mätjanow, 45-nji orta mekdebiň mugallymy Nurbek Danýarow, 18-nji orta mekdebiň hojalyk işgäri Hamid Allakow birinji orny eýelediler. Sportuň küşt görnüşi boýunça 41-nji orta mekdebiň hojalyk işgäri Gafurjan Matýazow, düzzüm görnüşi boýunça 7-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Raşid Saparow, stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça 25-nji orta mekdebiň mugallymy Zafar Orunbaýew dagy birinji orny eýelediler. Woleýbol boýunça etrapdaky 23-nji orta mekdebiň topary birinji, 2-nji orta mekdebiň topary ikinji, 45-nji orta mekdebiň topary üçünji orunlary eýelediler.

Rajapbaý MADREÝIMOW,
Ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň Şabat etrap geňeşiniň başlygy.