Sagdynlyga uzaýan menziller

10 Maý 2024
378

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize has giňden ornaşdyrmak, sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde, welosiped sportuny ösdürmek babatda hem ýurdumyzda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan beýik işleriniň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsi bolup dabaralanýar.

Ýurdumyzda geçirilýän şanly baýramçylyklarda, esasan hem, Bütindünýä saglyk gününde we Bütindünýä welosiped gününde köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmegiň asylly däbe öwrülendiginiň özi sportuň bu görnüşini ösdürmekde we onuň jemgyýetimizde giňden ýaýbaňlanmagyny gazanmakda nusgalyk tutumlaryň amala aşyrylýandygynyň güwäsidir.

Sona ISLAMOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.