Bedenterbiýe we sport

10 Maý 2024
358

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmek üçin paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde döwrüň talaplaryny ödeýän sport desgalary gurlup, ulanylmaga berildi. Şolarda sport ýaryşlary yzygiderli geçirilip, ýaş ýigitleriň we gyzlaryň arasyndan sporty söýýän, geljekde ýurdumyzyň sport abraýyny gorajak türgenleriň ýetişmeklerine oňaýly mümkinçilikler döredildi.

Sporta aýratyn ähmiýet berilmegi bilen, beden taýdan berk we ruhy taýdan kämil nesiller kemala gelýär. Bu gün bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, ýaramaz endiklerden daşda durmak ildeşlerimiziň durmuş kadasyna öwrüldi. Häzirki döwürde bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek babatda döwlet derejesinde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary esasynda sport ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Goý, ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni mundan beýläk-de ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak babatda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!