APL-de çempionlygyň iki dalaşgäri-de ýeňiş gazandy

10 Maý 2024
323

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «Ar­se­nal» öz meý­dan­ça­syn­da «Born­mut» to­pa­ry­nyň der­we­ze­sin­den jo­gap­syz 3 gol ge­çi­rip, or­nu­ny sak­la­ma­gy ba­şar­dy. Lon­don­ly­la­ryň gol­la­ry­ny Sa­ka, Tros­sar hem-de Raýs ge­çir­di. Er­ling Ho­lan­nyň 4 gol ge­çi­ren oý­nun­da «Man­çes­ter Si­ti» öz meý­dan­ça­syn­da «Wul­wer­hemp­ton» to­pa­ry­ny 5–1 ha­sa­byn­da ut­dy. 6 go­luň ge­çi­ri­len oý­nun­da «Li­wer­pul» öz meý­dan­ça­syn­da «Tot­ten­ha­my» 4–2 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Du­şu­şyk­da 1 gol ge­çi­ren Mo­ha­med Sa­lah APL-de bas­syr 3 möw­süm­de 10-dan köp gol we 10-dan köp asist eden il­kin­ji fut­bol­çy bol­dy. «Çel­si» öz meý­dan­ça­syn­da Lon­don der­bi­sin­de «West Ham­dan» 5–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Du­şu­şyk­da Jek­son 2 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. «Kris­tal Pa­las» bol­sa öz meý­dan­ça­syn­da Oli­se­niň 2 gol ge­çi­ren oý­nun­da «Man­çes­ter Ýu­naý­te­di» 4–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. «Ýu­naý­ted» şu möw­süm­de 13-nji ge­zek utu­lyp, bu gör­ke­zi­ji APL-de olar üçin an­tire­kor­da deň­dir.

90-njy mi­nut­dan soň ge­çi­ri­len gol­lar