«Wembley»-däki finalda «Borussiýa Dortmund» bilen «Real Madrid» duşuşar

10 Maý 2024
415

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da fi­nal­çy­lar bel­li bol­dy. PSŽ-ni myh­man­çy­lyk­da-da ýe­ňen «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» 3-nji, öz meý­dan­ça­syn­da «Ba­wa­ri­ýa­dan» üs­tün çy­kan «Re­al Mad­rid» 18-nji ge­zek fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. Fi­nal du­şu­şy­gy 1-nji iýun­da Ang­li­ýa­nyň paý­tag­ty Lon­don­da­ky «Wemb­ley» sta­dio­nyn­da oý­na­lar.

Öz meý­dan­ça­syn­da 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» to­pa­ry PSŽ-ni Pa­riž­de-de şol ha­sap bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Çe­ke­le­şik­li we gy­zyk­ly ýag­daý­da ge­çen oý­nuň ýe­ke-täk go­lu­ny 50-nji mi­nut­da Mats Hum­mels ge­çi­rip, ol UÇL-de ýa­rym fi­nal­da ta­pa­wut­la­nan iň ýa­şu­ly 3-nji fut­bol­çy hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy (Raýn Giggz, Edin Je­ko). PSŽ to­pa­ry­na bu go­la jo­gap ber­mek ba­şart­ma­dy. Esa­san hem, oý­nuň soň­ky 20 mi­nu­ty­ny dort­mund­ly­la­ryň je­ri­me meý­dan­ça­sy­nyň al­ky­myn­da ge­çi­ren pa­riž­li­le­riň umumylykda 30 ur­gu­sy ta­kyk bol­ma­dy. Ola­ryň 4 ur­gu­sy­na sü­tün päs­gel ber­di (2 oýun­da je­mi 6 ur­gy sü­tü­ne deg­di). Şun­luk­da, iki oý­nuň ne­ti­je­si bo­ýun­ça 2–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» ta­ry­hyn­da 3-nji ge­zek fi­na­la çyk­dy. Ne­mes klu­by mun­dan öň 1997-nji ýyl­da Mün­hen­dä­ki fi­nal­da «Ýu­wen­tu­sy» 3–1 ýe­ňip­di, 2013-nji ýyl­da bol­sa «Wemb­ley»-de «Ba­wa­ri­ýa­dan» 2–1 ha­sa­byn­da utu­lyp­dy.