23 medal — üstünliklere goşant

10 Maý 2024
456

Karate türkmen sportuna soňky ýyllarda halkara ýaryşlardan medaly iň kän getirýän görnüşleriň biri. Bu hakykat ýakynda Ürgenç şäherinde geçirilen Özbegistanyň açyk çempionatynda ýene bir gezek örboýuna galdy. Ýaryşda biziň ildeşlerimiz hormat münberine 23 gezek çykdylar.

Halkara ýaryşa türkmenistanly karateçiler bilen birlikde Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan jemi 293 türgeniň gatnaşandygyny nygtamak türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleriniň derejesine göz ýetirmekde ähmiýetlidir. Üç myhman döwlete milli ýygyndylar wekilçilik eden bolsa, Özbegistan halkara ýaryşa sportuň bu görnüşleri bilen meşgullanýan klublar arkaly gatnaşdy.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».