Aşgabat. Aprel. Arena

10 Maý 2024
618

Aşgabat ýene-de halkara sport jemgyýetçiliginiň üns merkezinden ornuny tapdy. Ak mermere bürenen türkmen paýtagtynyň adyny apreliň buzly arenadaky sport baýramçylygy bilen utgaşdyran ajaýyp waka — Hokkeý boýunça halkara ýaryş dünýäde iri sport merkezi hökmünde uly meşhurlyga eýe bolan Türkmenistanyň mümkinçiliklerini äleme ýaýdy. Halkara ýaryş diňe Watanymyzyň iri sport çärelerini geçirmekdäki tejribesiniň beýany bolmak bilen çäklenmän, türkmen türgenleriniň mümkinçilikleriniň hem aýdyň görkezijisine öwrüldi.

Ýaryşyň guramaçylyk derejesiniň nusgalyk hasaplanandygyna aýratyn ünsi çekmek gerek. Çünki hormatly Prezidentimiziň ýaryşy ýokary derejede geçirmek maksady bilen gol çeken degişli Karary Hokkeý boýunça halkara ýaryşynyň kämil derejedäki guramaçylygynyň binýadyny emele getirdi. Halkara ýaryşa taýýarlyk görmekde meýletinçileriň ornunyň hem diýseň uly bolandygyny bellemek gerek. Olar guramaçylyk işleriniň ähli tapgyrlaryna ýakyndan ýardam etdiler.

Amanmyrat MYRADOW,
žurnalist.