Ýeňiş baýramyna bagyşlanan ýaryş

9 Maý 2024
463

“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki meýilnamasy esasynda welaýatymyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli guralýar. Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Tejen etrabynyň Tejen şäherindäki sport mekdebinde geçirilen woleýbol ýaryşy hem şeýle bäsleşikleriň biri boldy.

Ýaryşa etrapdaky orta mekdeplerden okuwçy gyzlardan düzülen toparlar gatnaşyp, woleýbolda ussatlygyny aýan etdiler. Ýeňiş baýramyny dabaralandyrylan ýaryş gyzykly häsiýetde geçip, güýçli toparlary öňe saýlady. Şeýlelikde, etrapdaky 42-nji orta mekdebiň topary birinji, 31-nji orta mekdebiň topary ikinji, 40-njy orta mekdebiň topary bolsa üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňiji toparlar “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlary bilen sylaglandy.

Güljemal ATDAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň işgäri.