Italiýanyň Kubogy (Coppa Italia) ýaryşynda ýarym finala çykan toparlaryň 3-si belli boldy. Rim derbisinde «Lasio» «Romany» 1–0 hasabynda ýeňdi. Ýeke-täk goly 51-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Mattia Zakkani öz adyna ýazdyrdy. Çekeleşikli geçen oýnuň soňky minutlary has-da dartgynly ýagdaýda boldy. 90+6-njy minutda «Lasiodan» Pedro, 90+10-njy minutda «Romadan» Serdar Azmun bilen 90+11-nji minutda Junluka Mançini gyzyl kart aldy.
«Milan» bilen «Atalantanyň» arasyndaky oýunda ýer eýeleri 45-nji minutda Rafael Leaonyň goly bilen öňe geçse-de, myhmanlar Teun Koopmaýnersiň 45+2-nji hem-de 59-njy (p) minutlardaky gollary esasynda ýarym finala çykdy. 2018-nji ýyldan bäri finala çykyp bilmeýän «Milan» soňky gezek kubogy 2003-nji ýylda gazanypdy. Esasy hem-de goşmaça wagty golsuz geçen duşuşykda «Fiorentina» penaltileriň netijesinde «Bolonýany» 5–4 hasabynda utup, ýarym finalda oýnamaga hukuk gazandy.