Sport ussady bolasym gelýär

8 Ýanwar 2024
526

«Ýetilen beýik üstünlikler arzuwlardan başlanýar» diýýärler. Hakykatdanam, islendik belentligiň ilkinji nokady — basgançagy bolýar. Sportuň erkin göreş görnüşine çagalygymdan höwes edip, bu ugurda irginsiz türgenleşikler geçdim.

2018-nji ýylda sportdaky ilkinji uly öňegidişliklerem başlady. Şol ýyl erkin göreş boýunça etrabymyzyň birinjiliginde 1-nji orny eýeledim. Dürli derejeli ýaryşlara gatnaşyp, has-da kämilleşdim. Saýlan sport görnüşimiň inçe tilsimlerini özleşdirdim. 2022-nji ýylda bolsa Mary welaýatynyň birinjiliginde 1-nji orna, ýene-de şol ýylda Aşgabatda geçirilen Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň açyk birinjiliginde 3-nji orna mynasyp boldum. Geçen ýylda türkmen ýaşlary sport ýaryşlarynda, bilim olimpiadalarynda, halkara bäsleşiklerde uly üstünlikleri gazandylar. Men hem welaýat birinjiliginde iki gezek 1-nji orny eýeledim. Bu üstünlikleri gazanmagymda tälimçim — bedenterbiýe mugallymymyz Merdan Öwezowyň goşandy örän uly. Erkin göreşden başga-da, sportuň futbol, woleýbol, stol tennisi görnüşleri bilen gyzyklanýaryn.

Begmyrat AKYÝEW,
Murgap etrabyndaky Akgurban Jumamyradow adyndaky 23-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.