Kämillik mekdebi

29 Dekabr 2023
499

Eziz Diýarymyzda sagdyn bedenli, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende galdyrjak ýaşlaryň kemala gelmegi ugrunda hem uly tagalla edilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän sport mekdeplerinde bu ugurda ähli şert-mümkinçilikler döredilendir. Daşoguz şäheriniň 4-nji sport mekdebinde sportuň birnäçe görnüşi boýunça türgenleşik sapaklary geçirilýär. Ýaşlar sportuň woleýbol, welosport, çeper gimnastika, suwda ýüzmek, küşt, grek-rim göreşi, söweş sambosy, taekwondo, uşu, kýokuşinkaý karate görnüşleri boýunça tälim alyp, kämillik ýoluny geçýärler. Türgenlerimiz mekdebimiziň açyk birinjiliklerinde, şäher, welaýat, döwlet we halkara derejesindäki ýaryşlarda şowly çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Türkmen sportunyň gülläp ösmegi, Watanymyza şan getirýän türgenleriň täze nesliniň kemala gelmegi babatda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny arzuw edýäris.

Serdar ÇÄŞEMOW,
Daşoguz şäheriniň 4-nji sport mekdebiniň direktory.