«Gara altyn» Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

24 Dekabr 2023
598

«7/24. tm» № 52 (187) 25.12.2023

Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň «Ga­ra al­tyn» to­pa­ry fut­zal bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň ku­bo­gy­na my­na­syp bol­dy. Döw­let An­na­ýe­wiň tä­lim­ ber­ýän «Ga­ra al­tyn» to­pa­ry fi­nalda paý­tag­ty­my­zyň «Kö­pet­da­gy» bi­len du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen fi­nal oý­nun­da ta­lyp­lar has ynam­ly çy­kyş et­di­ler we öz müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gy ba­şar­dy­lar. Netijede, olar bäsdeşleriniň derwezesine jogapsyz üç pökgi girizmegi başardylar. Munuň özi «Ga­ra al­tyn» toparynyň ýeňiş gazanmak üçin eden yhlasynyň ýerine düşendigini görkezýär.