Angliýanyň çempionatynda tapgyryň iň esasy duşuşygynda — «Liwerpul» bilen «Mançester Ýunaýtediň» arasyndaky oýunda hasap açylmady. Bu deňlikden soň «Liwerpul» 2-nji orna düşüp, «Braýtony» Žesus hem-de Hawertsiň gollary bilen 2–0 hasabynda ýeňen «Arsenal» 1-nji basgançaga çykdy. Çekeleşikli hem-de dartgynly geçen oýunda-da «Aston Willa» topary myhmançylykda «Brentford» toparyny 2–1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýle-de, «Tottenham» myhmançylykda «Nottingam Foresti», «Çelsi» öz meýdançasynda «Şeffild Ýunaýtedi» 2–0 hasaplar bilen ýeňdi. «Nýukasl»–«Fulham», «West Ham»–«Wulwerhempton» duşuşyklary-da ýer eýeleriniň 3–0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Ispaniýanyň çempionatynda 17-nji tapgyrda «Žirona» Dowbygyň (2) hem-de Portunyň gollary bilen «Alawesi» 3–0 hasabynda ýeňip, birinjiligini saklamagy başardy. «Real Madrid» hem öz meýdançasynda «Wilýarrealdan» 4–1 hasabynda üstün çykdy. Goragçysy Dawid Alabanyň agyr şikes alyp, möwsümi tamamlan oýnunda «Realyň» gollaryny Bellingam, Rodrigo, Diaz hem-de Modriç geçirdi. Soňky çempion «Barselona» myhmançylykda «Walensiýa» bilen utuklary paýlaşdy. «Atletik» bilen «Atletikonyň» arasyndaky oýunda bilbaolylar Guruseta hem-de Niko Williamsyň gollary esasynda 2–0 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykda ýer eýelerinden Sanset 11 metrlik jerime urgusyndan ýerlikli peýdalanyp bilmedi.