Şan-şöhratly Garaşsyzlyk

28 Sentýabr 2023
523

Düýn ir säher Aşgabadyň günortasynda Köpetdagyň gözel künjeginde Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň ýurduň ýolbaşçy düzüminiň, pudak edaralaryň işgärleriniň we daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda dabaraly çärelere badalga berildi.

Türkmenistanyň milli teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda görkezilýän dabaraly baýramçylyk ýörişine Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň we beýleki harby hem hukuk goraýjy edaralaryň düzümleri gatnaşdylar. Dabaraly ýörişiň dowamynda harby tehnikalar bilen bir hatarda harby uçarlaryň we dikuçarlaryň ýörişi geçirildi. Soňra merkezi münberiň öňünden Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň aýratyn Hormat garawuly batalýony we ýurduň Ýaragly Güýçleriniň orkestri geçdi. Harby ýörişden soň Türkmenistanyň sebitleriniň we halk hojalygynyň pudaklarynyň zähmet toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň baýramçylyk ýörişi bilen dowam etdirildi.

«Diýar»