«Açyk gapylar» güni

12 Aprel 2023
503

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2023-nji ýylda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary uniwersitet bilen tanyşdyrmak maksady bilen «Açyk gapylar» gününi geçirýändigini habar berýär.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň uniwersitetimizde durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, uniwersitetde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen zerur şertler we uniwersitetiň dünýä standartlaryna laýyk gelýän okuw otaglary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan tejribe otaglary, maglumat tehnologiýalar merkezi, sport toplumy, ähli amatlyklary bolan umumyýaşaýyş jaýlary bilen tanyşdyrylar. «Açyk gapylar» güni uniwersitetde we uniwersitetiň Balkanabat bölüminde 2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde we 3-nji maýynda sagat 15:00-da başlanýar.